Liz Trass Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gidýär

20.10.2022, 23:5411,753

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri we häkimlik ediji Konserwatorlar partiýasynyň başlygy Liz Trass bu wezipede 45 gün oturandan soň, penşenbe güni wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi.

«Men Konserwatorlar partiýasy tarapyndan özüme berlen ygtyýarlyklary ýerine ýetirip bilmeýärin. Şu sebäpden, men Onuň Alyhezretleri Patyşa (Karl III) bilen gürleşip, oňa wezipämden aýrylýandygymy habar berdim» — diýip, Trass  Dauning-strit, 10-da ýerleşýän rezidensiýasynyň öňünde eden çykyşynda belledi

Penşenbe güni irden Trass 1922 Parlament komitetiniň başlygy Grem Breýdi bilen duşuşdy. Breýdi nobatdaky partiýa liderini saýlamaga jogap berýär. Duşuşygyň barşynda partiýanyň we Hökümetiň täze lideriniň saýlawlarynyň öňkülerden (öňki saýlawlar iki aýa çekdi) az dowam etjekdigini karar etdiler.
Az soňra, Breýdi žurnalistleriň öňünde çykyş edip, täze Premýer-ministriň saýlawlarynyň 28-nji oktýabra çenli tamamlanjakdygyny, onuň adynyň bolsa eýýäm 31-nji oktýabra çenli yglan ediljekdigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.