The Guardian-yň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň parlamentiniň Lordlar palatasynyň Aragatnaşyklar boýunça komiteti hökümeti ýurtda humarly oýunlaryň mahabatyny düýbünden gadagan etmäge çagyrdy. Bu teklip komitetiň 173 sahypalyk hasabatynda beýan edilýär.
Hasabatyň awtorlarynyň pikiriçe, hökümet internetde ýaýradylýan bukmekerleriň we kazinolaryň mahabatlarynyň köpelmegine ýeterlik derejede çäre görmeýär. Olar şuny nazara alyp, edil temmäki önümleriniň mahabatyna girizilen çäklendirmeler ýaly, humarly oýunlaryň mahabatyny hem doly gadagan etmegi teklip edýär. Şol bir wagtda, lotereýa we at çapyşyklary bilen baglanyşykly mahabatlar üçin käbir kadadan çykmalar saklanyp bilner.
Komitetiň maglumatlarynda geçen ýyl Beýik Britaniýada bukmeker kompaniýalarynyň we kazinolaryň 12,6 milliard funt sterling girdeji gazanandygy aýdylýar. Ýagdaý şeýle dowam ediberse, ýurtda 1,4 milliona çenli adamyň oýunbazlyga duçar bolup biljekdigi çaklanylýar.
2005-nji ýyldaky Humarly oýunlar baradaky kanun bilen düzgünleşdirilýän bu pudagyň mahabatlaryna 2024-nji ýylda sarp edilen serişdeleriň möçberi 2 milliard funt sterlinge ýetipdir.
Bu başlangyjy eýýäm Betting & Gaming Council atly pudaklaýyn lobbi guramasy tankytlady. Guramanyň wekilleri mahabatlaryň doly gadagan edilmeginiň bikanun humarly oýunlar bazarynyň ösmegine getirip biljekdigini aýdýar.
Hasabaty ýazanlar hem öz gezeginde haýsydyr bir aladalar sebäpli humarly oýunlaryň adamlara ýetirip biljek zyýanyny ünsden düşürmeli dälidigini nygtaýar.