Mundan ozal Uly Mançesteriň häkimi wezipesini eýelän Endi Börnem Beýik Britaniýanyň dolandyryjy Leýboristik partiýasynyň täze lideri boldy. Bu barada partiýa maslahatynyň dowamynda leýboristleriň Milli ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Şabana Mahmud yglan etdi.
«Leýboristik partiýanyň kanuny taýdan saýlanan lideriniň Endi Börnemdigini yglan etmek meniň üçin uly hormatdyr» – diýip, «Sky News» telekanaly onuň sözlerini ýetirýär.
Häzirki wagtda leýboristleriň britan hökümetiniň başyndadygyny nazara alsaň, Börnem awtomatik ýagdaýda ýurduň premýer-ministri wezipesini eýelär.
Täze lider partiýadaşlaryna ýüzlenmesinde Kir Starmere bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýolbaşçylygyny öz üstüne almaga taýýardygyny tassyklady.
«Men taýýar, öňe düşüp, yzym bilen äkitmäge taýýar» – diýip, Börnem aýratyn nygtady.
Syýasatçy bu wezipä bäsdeşliksiz geçmegi başardy, sebäbi ol hasaba alnan ýeke-täk dalaşgär boldy. Resmi taýdan dalaşgär görkezilmek üçin leýborist deputatlaryň azyndan 20%-iniň goldawyny almak talap edilýärdi, ýöne başga isleg bildirýänler tapylmady. Şol bir wagtyň özünde, «Financial Times» neşiriniň bellemegine görä, partiýanyň içinde Börnemiň dalaşgärliginiň öňe sürülmegi birnäçe tankytlar bilen utgaşdy.

Ýatlap geçsek, Endi Börnem 2017-nji ýylda Uly Mançesteriň häkimi bolup saýlanan wagty britan parlamentinden gidipdi. Premýer-ministr wezipesine dalaş etmek hukugyny yzyna almak üçin, syýasatçy Meýkerfild okrugyndan Jemgyýetçilik palatasyna geçirilen goşmaça saýlawlara gatnaşdy we jemi 54,8% ses alyp, ynamly ýeňiş gazandy.
Partiýa ýolbaşçylygynyň üýtgemegi 22-nji iýunda Kir Starmeriň hökümet dawalary we leýboristleriň munisipalitet saýlawlaryndaky şowsuzlygy sebäpli wezipesinden gidýändigini yglan edenden soň boldy.
Börnem özüniň geljekki syýasy maksatnamasyny Uly Mançestere ýolbaşçylyk eden döwründe gazanan tejribesine esaslandyrýar. Onuň ugry sebitlerdäki häkimiýet ygtyýarlyklaryny giňeltmegi, munisipalitet ýaşaýyş jaýlarynyň uly gurluşygyna başlamagy we strategiki ykdysady pudaklarda döwletiň gatnaşygyny güýçlendirmegi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, täze lider pensiýalaryň ösüş tejribesini saklap galmagy, sosial ideg ulgamyny özgertmegi, şeýle-de bosgunlary kabul etmek üçin kanuny ýollary döretmek bilen bir wagtda bikanun migrasiýa garşy göreşmegi meýilleşdirýär.