Rişi Sunak resmi taýdan Beýik Britaniýanyň premýer-ministri boldy

25.10.2022, 17:1012,130

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III Rişi Sunagy premýer-ministr wezipesine belledi we oňa Hökümeti düzmegi tabşyrdy diýip, Sky News teleýaýlymy habar berdi.

"Rişi Sunak Bukingem köşgünde patyşanyň resmi kabul edişliginden soňra premýer-ministr boldy" - diýlip habarda aýdylýar.

Patyşa bilen duşuşandan soň, Hökümetiň täze baştutany Dauning-stritdäki edarasynyň öňünde ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.