WBO Usiki ýylyň boksçysy diýip ykrar etdi

29.10.2022, 07:4211,364

Ukrainaly Aleksandr Usik Bütindünýä boksçylar guramasynyň (WBO) wersiýasy boýunça ýylyň boksçysy diýip ykrar edildi.

Ýeňiji WBO-nyň 24-29 oktýabr aralygynda San-Huanede (Puerto-Riko) geçýän her ýylky 35-nji gurultaýynda nominasiýada yglan edildi.
Usik 35 ýaşynda. Ol professional ringde ýeňilmezekligine galar, onuň hasabynda 20 ýeňiş bar, olaryň 13-si nokaut bilen. 20-nji awgustda ukrainaly türgen britaniýaly Entoni Joşuany ýeňdi we Bütindünýä boksçylar assosiasiasynyň (WBA Super), WBO, Halkara boksçylar federasiýasynyň (IBF) we Halkara boksçylar guramasynyň (IBO) wersiýasy boýunça dünýäniň çempiony titulyny saklady.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.