Usik Fýuri bilen tutluşygynyň haçan we nirede boljagyny aýtdy

31.10.2022, 14:0211,666

WBA Super, IBF we WBO wersiýalary boýunça superagyr agramda dünýä çempiony Aleksandr Usik WBC wersiýasy boýunça titulyň eýesi britaniýaly pälwan Taýson Fýuri bilen indiki tutluşygyny 2023-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda ýa-da martda geçirmegi mümkin.  Bu barada meşhur žurnalist Den Rafael habar berdi. 

Usikiň sözlerine görä, titul üçin tutluşyk, megerem, Saud Arabystanynda geçse gerek. 
Ilkibadalar Fýuri bilen Usikiň tutluşygy şu ýylyň ahrynda bolar diýip garaşylypdy, emma ukrainaly boksçynyň, britaniýaly türgen Entoni Joşua bilen rewanşa taýýarlygyň kyn geçendigine salgylanyp, gepleşiklerden ýüz öwrendigini ýatladýarys.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.