Samsung Galaxy S23 smartfonlary energiýany tygşytlamagyň täze režimini alarlar

08.11.2022, 16:4522,703

Samsung smartfonlarynyň Galaxy S23 lineýkasy energiýany tygşytlamagyň täze režimini alarlar.

Ol Light diýip atlandyrylar. Täze režim smartfonyň işleýşini üýtgeşik bir peseltmän, energiýanyň sarp edilişini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer. Ondan hem başga, şeýle režimde ekranyň kadr tizligi peselmez.
Ice Universe insaýderiniň çap eden skrinşoty bize Light režiminden başga-da adaty režimiň hem boljakdygyny görkezýär. Mümkin täze smartfonlar çykýança, beýleki energiýa tygşytlaýjy režimleriň hem bolmagy mümkin.  
Samsung-yň häzirki flagmanlary nobatdaky täzeleniş bilen şeýle režimi almaklary gaty ahmal. Şonuň bilen birlikde, biziň WCCF Tech gorundaky kärdeşlerimiz hut Samsung-yň täze flagmanlary üçin şeýle režimiň peýda bolmagy olaryň artykmaç sarp edijiliginden habar berýär diýýärler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.