BSSG fewraldan bäri kowidden ýogalanlaryň sanynyň 90% azalandygyny habar berdi

11.11.2022, 13:355,839

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baştutany Tedros Adhanom Gebreýesus COVID-19 bilen keselläp ýogalýanlaryň sanynyň fewraldan bäri 90% peselendigini oňyn öňe gidişlik hasaplady diýip, çarşenbe güni Associated Press (AP) habar berýär.

"Geçen hepde 9,4 müňden gowrak ölümi hasaba aldylar, emma fewralda ölümiň görkezijisi bir hepdäniň içinde 75 müň töwerege golaý bolupdy" - diýip, BSGG-niň baştutany belledi.
"Biz uzak ýoly geçdik, bu hakykatdanam optimizme sebäp döredýär. Ýöne biz hökümetleri, jemgyýetçiligi we ähli adamlary ätiýaçly bolmaga çagyrmagymyzy dowam edýäris" - diýip, çarşenbe güni AP onuň sözlerini getirýär.

Gebreýesus hüşgär bolmaga çagyrdy, sebäbi ýokanjyň täze görnüşleri henizem ýüze çykyp gidip otyr.
COVID-19 pandemiýasynyň başyndan bäri dünýä boýunça 629 mln adamyň keselländigi we kesel sebäpli  6,5 mln adamyň ýogalandygy hasaba alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.