Ukrain boksçysy Usik IBF-iň titulyny hökmany goramak üçin Hrgowiç bilen tutluşar

15.11.2022, 13:4511,756

Boksçylaryň halkara federasiýasy (IBF) guramanyň çempionlyk guşagynyň eýesi ukrainaly Aleksandr Usikiň horwatiýaly türgen Filip Hrgowiç bilen tutluşyp, tituly hökmany goramaly boljakdygyny mälim etdi.

«Biz Usike Hrgowiç bilen tutluşygyň bellenendigini edil şu wagt bildik. Ol hökmany garşydaş. Biz dessine gepleşikleriň geçirilmegini haýyş etdik. Bu Usik üçin indiki tutluşyk bolar» diýip, BoxingScene  Hrgowiçiň sopromouteri Eddi Hirnanyň sözlerini getirýär.

21-nji awgusta geçilen gije Aleksandr Usik Saud Arabystanynda ikinji tutluşykda britaniýaly türgen Entoni Joşuany ýeňdi. Ukrainaly türgen IBF-iň, Bütindünýä boksçylar guramasynyň (WBO), Halkara boksçylar guramasynyň (IBO) we Bütindünýä boksçylar assosiasiasynyň  (WBA) wersiýasylary boýunça dünýä çempionynyň titullaryny saklady.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.