Türkmenistan dekabrda 2 sany halkara ders olimpiadalaryny geçirer

19.11.2022, 09:048,990

5-7-nji dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça açyk halkara olimpiadany geçirmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer N.Amannepesowyň anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berşi ýaly, halkara olimpiadalar Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriler.
Halkara ders olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen birlikde Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.