44 ýylyň içinde ilkinji gezek «Altyn topuň» eýesi dünýä çempionatynda oýnamaz

20.11.2022, 23:3534,933

Madridiň «Realynyň» we Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Karim Benzema alan şikesi sebäpli Katardaky Dünýä çempionaty-2022-ni duşundan geçirer.

Sqauwka portalynyň habar berşi ýaly, 34 ýaşly fransuz türgeni, «Altyn top» alandan soň dünýä birinjiligini duşundan geçirýän 1978-nji ýyldan bäri birinji futbolçy bolar. 
Soňky 40 ýylyň içinde bu sylagyň eýesi hemişe dünýä çempionatyna gatnaşyp gelýärdi: nemes türgeni Karl-Haýns 1982-nji ýylda, fransuz türgeni Mişel Platini 1986-njy ýylda, niderlandly türgen Marko Wan Basten 1990-njy ýylda, italýan türgeni Roberto Badžo 1994-nji ýylda, braziliýaly türgen Ronaldo 1998-nji ýylda, iňlis türgeni Maýkl Ouen 2002-nji ýylda, braziliýaly türgen Ronaldinýo 2006-njy ýylda, argentinaly türgen Lionel Messi 2010-njy ýylda, şeýle hem portugaliýaly türgen Kriştianu Ronaldu 2014-nji we 2018-nji ýyllarda.  
«Altyn topuň» eýesi soňky gezek turniri 1978-nji ýylda duşundan geçiripdi. Şonda Menhengladbahyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Allan Simonsen baýraga 1977-nji ýylda eýe bolupdy, emma Daniýanyň ýygyndysy DÇ-1978-e çykyp bilmändi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.