GTA 6-nyň çykjak ýyly belli boldy

26.11.2022, 16:2014,793

Microsoft-a ygtyýar berlen, Activision-Blizzard-y satyn almak boýunça geleşigiň Beýik Britaniýada dowam edýän  derňewiniň çäklerinde GTA-nyň 2024-nji ýylda çykjakdygy aýdylýar.  Bu barada Gamesradar habar berýär.

Microsoft kompaniýasy tarapyndan Activision-Blizzard-yň satyn alynmagy Call of Duty-niň işläp taýýarlaýjylarynyň maksatly platforma hökmünde PlayStation-dan ýüz öwürmegine getirer diýip Sony hasaplaýar. Microsoft hem öz gezeginde «uzak garaşdyran Grand Theft Auto VI-ny 2024-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilýändigini» mälim etdi. Şeýle-de, kompaniýa öň çykan GTA 5-idir, Red Dead Redemption 2-ni hem agzady.
Microsoft mysal hökmünde Take-Two Interactive neşirýatynyň oýunlaryny agzaýar, oňa laýyklykda meşhur franşizalar ähli platformalarda, şol sanda  PlayStation-de çykyp biler diýip bellenýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.