Kamerun Braziliýadan üstün çyksa-da, dünýä çempionatyndan gaýtmaly boldy

03.12.2022, 04:0514,591

Katarda dünýä çempinatynyň üçünji tapgyrynda Braziliýanyň ýygyndysy 0:1 hasap bilen Kamerundan ýeňildi.

Lusailda geçen duşuşykda ýeke-täk goly Wensan Abubakar (90+2) geçirdi. Geçiren goluny baýram edip, Abubakar köýnekçesini çykardy. Munuň üçin futbolçy ikinji gezek sary duýduryş alyp, meýdançadan çykaryldy.
Braziliýa G toparda 6 utuk bilen birinji ýerden pleý-off tapgyryna çykdy. Şweýsariýa (6 utuk) gol tapawudy boýunça ikinji ýeri eýeledi. Kamerun (4 utuk) üçünji, Serbiýa (1 utuk) dördüni orny eýeledi.
Braziliýa 1/8 final tapgyrynda 5-nji dekabrda Günorta Koreýa bilen duşuşar. Şweýsariýa 6-njy dekabrda Portugaliýa bilen oýnar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.