Formula-1 boýunça Hytaýyň Gran-prisi resmi taýdan ýatyryldy

04.12.2022, 22:317,880

Formula-1 boýunça Hytaýyň Gran-prisi indiki möwsümde geçirilmez. Bu barada Formula-1-iň metbugat gullugy resmi görnüşde habar berdi.

Hytaýyň 2023-nji ýyldaky Gran-pri ýaryşlary 16-njy aprelde Şanhaýyň trassasynda geçmelidi. 
Hytaýdaky koronawirus bilen bagly çylşyrymly ýagdaý we onuň döredýän kynçylyklary sebäpli şeýle karara gelindi. Hytaýyň hereket edýän hukuk kadalaryna laýyklykda COVID-19 ýüze çykarylan islendik adam birnäçe günüň dowamynda köpçülikden üzňelikde galmaly. Ýagdaýyň şeýle bolmagy ýaryşa gatnaşýan sürüjiler we toparyň işgärleri üçin kynçylyk dörederdi. 
Şeýle-de, Formula-1-iň metbugat gullugynda häzirki wagtda hytaý tapgyryny çalyşmagyň mümkinçiliklerine seredilýändigini habar berdiler. Owal onuň Portugaliýada Algarwanyň "Portiman" trassasynda geçmeginiň mümkindigi aýdylypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.