Sankt-Peterburg 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar

14.12.2022, 08:4910,829

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheri 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna estafetany 2022-nji ýylda şu derejä eýe bolan Gyrgyzystanyň Karakoly geçirdi.  

Tanyşdyrylyş dabarasy duşenbe güni Daşkentde GDA ýurtlarynyň 200-den gowrak wekiliniň gatnaşan Arkalaşyga agza döwletleriň XV döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynda geçdi diýip, TASS habar berýär. 

"Indiki ýyl tutuş GDA-nyň medeni paýtagty bolmak Russiýanyň medeni paýtagty hasaplanýan Demirgazyk Palmira üçin  diýseň begençli waka. Piter ilkibaşdanam açyk şäherdi" - diýip, Sankt-Peterburgyň medeniýet boýunça komitetiniň başlygy Stanislaw Moldowanow belledi.

Her ýyl Arkalaşygyň şäherleriniň biri GDA-nyň medeni paýtagty diýen hormatly derejä eýe bolýar. Nobatdaky paýtagty Arkalaşyga agza döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşi tassyklaýar. Maksatnama Agza döwletleriň ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň ýardam bermeginde amala aşyrylýar. 
2012-nji ýylda türkmen şäheri  Marynyň, 2016-njy ýylda bolsa ýurduň demirgazyk sebitiniň merkezi Daşoguzyň GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan edilendigini ýatladýarys.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.