Aydym.com Awards – 2022: ýylyň iň köp diňlenen aýdymy, aýdymçysy, şekilli aýdymy saýlandy

21.12.2022, 18:2143,392
1 / 7

«Iň köp diňlenen aýdym», «Iň gowy rep aýdymçy», «Gysga wagtda meşhurlyk gazanan aýdym»... Türkmenistanda ýörgünli aýdym-saz portaly bolan Aydym.com Täze ýylyň öňüsyrasynda ýylyň jemini jemledi.

Aydym.com 2022-nji ýyl boýunça portalda iň köp diňlenen aýdymy, aýdymçyny, iň köp görlen şekilli aýdymyny, iň gowy dueti, başga-da 20-ä golaý ugur boýunça ýeňijileri yglan etdi.
Ugurlar boýunça ýeňijiler diňleýjileriň tutuş bir ýylyň dowamynda Aydym.com portalynda (mobil goşundy + saýt) diňlän hem tomaşa eden aýdymlarynyň statistiki maglumatlary esasynda kesgitlenildi.
Dabara ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary gatnaşdylar.

Ugurlaryň doly sanawy şulardan ybarat:

  • Iň köp diňlenen ýaş aýdymçy
  • Gysga wagtda meşhurlyk gazanan aýdymçy
  • Iň gowy cover
  • Iň gowy ýaş music producer
  • Iň gowy music producer
  • Iň gowy mix master & Rec Vocal
  • Iň gowy rep aýdymçy
  • Iň köp diňlenen milli äheňdäki aýdymçy
  • Iň gowy duet
  • Iň köp diňlenen zenan aýdymçy
  • Iň köp diňlenen aýdymçy
  • Ýylyň iň şadyýan aýdymy
  • Iň gowy daşary ýurt dilindäki aýdym
  • Gysga wagtda meşhurlyk gazanan aýdym
  • Iň köp diňlenen aýdym
  • Iň köp diňlenen Albom
  • Iň gowy soundtrack
  • iň gowy cinematic video
  • Iň gowy retro şekilli aýdym
  • Iň köp görlen şekilli aýdym
  • Aýdym-saz sungatyna goşan goşandy üçin

Dabaranyň barşynda Aydym.com şeýle hem geljek 2023-nji ýyl üçin meýilnamalary bilen tanyşdyrdy.


Aydym.com portaly iki ýyla golaý wagt bäri hereket edip gelýändigine garamazdan, ulanyjylaryň arasynda giň meşhurlyk gazandy. Portalda aýda 52 milliondan gowrak aýdym diňlenýär, 2 milliondan gowrak wideo görülýär. Aktiw ulanyjylarynyň sany 450 müňden geçýär. Portalda 700-den gowrak aýdymçy, 25 müňden gowrak aýdym bar. Sanlar gün-günden artýar.
Aydym.com ýaş aýdymçylaryň özlerini köpçülige tanatmagy üçin, şeýle hem ussat aýdymçylaryň aýdymlaryny köpçülige ilkinji bolup ýetirmekleri üçin mümkinçilikleri döredip berýän portalydyr.

Aydym.com-yň mobil görnüşini Google Play-dan: Aydym Play Market we App Store-den: Aydym App Store salgylardan ýükläp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: moderteam@aydym.com
Web saýty: aydym.com
IMO/Telegram: +99363 330799

Şeýle hem okap bilersiňiz:

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.