«Awatar: Suwuň ýoly» filmi dünýä boýunça 855 mln dollar toplady

27.12.2022, 14:298,232

Režissýor Jeýms Kemeronyň 16-njy dekabrda çykan "Awatar: Suwuň ýoly" atly täze filmi  tutuş dünýä boýunça kinoteatrlarda 855 mln dollar gazandy. Bu barada NBC News ýazýar.

Şol mukdaryň 254 mln dollary ABŞ-da gazanyldy. Howanyň sowamagy we gyşyň gaý-tupany amerikan kinoteatrlarynda petekleriň satylyşynyň kemelmegine getirdi. Owal Disney-iň dünýä kinoprokaty bölüminiň ýolbaşçysy Toni Çembers tomaşaçylar koronawirus pandemiýasy sebäpli kinoteatrlara barmakdan howatyrlanýarlar diýip belläpdi.
Kemeronyň sözlerine görä, häzirki wagtda düşewünt - filmi girdejili hasaplamaga zerur puluň ýaryndanam az.
2009-njy ýylda çykan birinji "Awatar" taryhda iň şowly film titulyny saklaýar: onuň dünýä ýygymy 2,9 mlrd dollardan geçýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.