UFC 2022-nji ýylyň iň gowy tutluşygyny saýlady

27.12.2022, 23:0223,274

Iýun aýynda Singapurda UFC 275-iň turnirinde çehiýaly türgen Irži Prohazka bilen braziliýaly türgen Glower Teýşeýranyň arasynda geçirilen ýarym agyr agram derejesi ugrundaky göreş 2022-nji ýylyň iň gowy tutluşygy diýlip saýlandy. Bu barada Ultimate Fighting Championship (UFC) metbugat gullugy habar berdi.

Bu söweşde braziliýaly türgen ​ rüstemlik görkezdi, ýöne bäşinji tapgyryň ahyrynda Prohazka garaşylmadyk ýagdaýda garşydaşyny “bogup”, çempionlyk guşagyny elinden aldy.  
Çehiýaly türgen üçin ​ bu ýeňiş MMA-nyň düzgünleri boýunça geçýän 33 söweşde 29-njy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.