«Al-Nasr» Kriştianu Ronaldunyň Saud Arabystanynda düşen ilkinji suratlaryny görkezdi

04.01.2023, 00:4431,879
1 / 4

«Al-Nasr» futbol kluby resmi Twitterinde Kriştianu Ronaldunyň Saud Arabystanyna geleninden soň düşen ilkinji suratlaryny görkezdi.

Ronaldu howa menziline gelip düşen pursady özüne we aýaly Jorjina Rodrigese gül  sowgat beren ýaş janköýerler bilen surata düşdi.
Ronaldunyň «Al-Nasr» bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Şeýle-de, portugaliýaly futbolçynyň araplar bilen baglaşan şertnamasynda, eger Eddi Hauwyň topary Çempionlar ligasyna düşse, Ronaldunyň «Nýukasla» geçip biljekdigi barada bir maddanyň bardygy hakynda maglumat peýda boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.