«PSŹ» Ronaldunyň täze kluby bilen geçjek duşuşygyny mälim etdi

10.01.2023, 17:0528,787

Fransuz “PSŽ”-sy däp boýunça özüniň ​ Katarda we Saud Arabystanynda geçjek gyşky ýygnanyşyklarynyň rejesini mälim etdi.

“PSŽ” 17-nji ýanwarda Kataryň paýtagty Doha uçar we 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň geçen stadionlarynyň birinde türgenleşer. Şondan soň fransuz ägirdi ​ Er-Riýada (Saud Arabystany) barar we 19-njy ýanwarda iki esasy ýerli klubyň: “Al-Nasr”-yň we “Al-Hilal”-yň ​ iň gowy oýunçylaryň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Oýundan soň “PSŽ” ýene yzyna - Pariže uçar.

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Saud Arabystanynyň klubuna geçen hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň “Al-Nasr” toparynda oýnamagynyň mümkindigini bellemelidiris. Hüjümçi Lionel Messiniň oýnaýan “PSŽ”-sy bilen geçjek oýun portugaliýaly futbolçy üçin täze toparda ilkinji çykyş bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.