Saud Arabystany Haj parzy üçin koronawirus çäklendirmelerini ýatyrdy

10.01.2023, 17:3714,687

 

Saud Arabystanynyň hökümeti koronawirus pandemiýasy sebäpli Haj üçin girizilen çäklendirmeleri ýatyrdy diýip, Anadolu gullugy habar berýär.
Patyşalygyň Haj we Umra işleri boýunça ministri Taufik Al-Rabiýa: "Haj zyýaratçylarynyň sany pandemiýadan öňki derejä gaýdyp geler, ýaş çäklendirmesi bolmaz" – diýip habar berdi.
Ministriň sözlerine görä, dünýäniň dürli künjeklerinden haj parzy boýunça ygtyýarlandyrylan gulluklar Saud Arabystanynda hyzmatlary hödürleýän islendik ygtyýarly kompaniýa bilen ýaňadan şertnama baglaşyp bilerler.
"Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde zyýaratçylaryň gelmeginiň tertibini aňsatlaşdyrmak üçin NUSK platformasyny açdyk" – diýip, Tawfik Al-Rabiýa sözüniň üstüni ýetirdi.
Saud Arabystanynyň hökümeti COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli soňky üç ýylda haj zyýaratçylarynyň sanyny çäklendiripdi.
 
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.