«Barselona» Gawi we Arauho bilen şertnamalaryny uzaltdy

29.01.2023, 22:429,070

«Barselonanyň» direktory Mateu Alemani Gawi we Ronald Arauho bilen şertnamalarynyň uzaldylýandygyny habar berdi diýip,  «Matç» habar berýär.

"Gawi we Arauho öz şertnamalaryny bireýýäm uzaltdylar. Oýunçylar üç möwsüme uzaldyldy. Mundan başga-da, olaryň 1 milliard ýewro möçberinde öwez töleg almak barada maddasy bar" - diýip,  DAZN Alemaniniň sözlerine getirýär.

18 ýaşly Gawi şu möwsümde iki sany netijeli pas bilen 18 oýunda çykyş etdi. 23 ýaşly Arauhonyň hasabynda La Ligada oýnalan sekiz oýun bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.