BSGG pandemiýa zerarly 3 ýyl bäri hereket edýän adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhletini uzaltdy

31.01.2023, 11:2812,128

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli ählumumy saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhletini uzaltdy. Bu barada guramanyň adatdan daşary ýagdaý boýunça komitetiniň mejlisiniň jemleri boýunça BSGG-nyň baş edarasy habar berdi.

Ählumumy saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý düzgüni 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri hereket edýär. BSGG-nyň baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus baş edarada bu pandemiýanyň "halkara jemgyýetçiliginiň saglygynyň adatdan daşary ýagdaýda bolmagyny dowam etdirýändigini" aýtdy we komitetiň teklipleri bilen ylalaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.