ABŞ kowid zerarly girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini maýda ýatyrmagy meýilleşdirýär

01.02.2023, 05:1410,535

ABŞ-da koronawirus sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaý hereketini 11-nji maýda ýatyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy aýtdy.

"2020-nji ýylda ýurtda COVID-19 sebäpli adatdan daşary ýagdaý we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi. Olaryň möhleti degişlilikde 1-nji martda we 11-nji aprelde dolýar. Häzirki wagtda administrasiýa adatdan daşary ýagdaýy 11-nji maýa çenli uzaldyp, soňra adatdan daşary düzgüniň ikisini hem şol senede ýatyrmagy meýilleşdirýär"- diýip, Ak Tamyň beýanatynda aýdylýar.

Adatdan daşary ýagdaýyň 11-nji maýa çenli uzaldylmagy COVID-19-a garşy hökmany çäreleriň durmuşa geçirilmegini aňlatmaýar.

"Munuň üçin örtük ​​geýmek ýa-da sanjymlar etmek  talap edilmeýär, mekdeplerde ýa-da iş ýerlerinde iş çäklendirilmeýär, COVID-19 bilen bagly derman serişdelerini ulanmak ýa-da testleri geçirmek talap edilmeýär" – diýip, administrasiýada düşündiriş berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.