2024-nji ýylyň başynda täze «Fantastiki Dörtlük» filmi surata düşürilip başlanar

09.02.2023, 17:228,057

2024-nji ýylyň başynda täze «Fantastiki Dörtlük» filmi surata düşürilip başlanar. Bu barada režissýor Mett Şekman (Wanda/Wižn)  mälim etdi.

«Marvel-iň» bu taslamasy 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda kinoteatrlara çykar. Şekman filmiň düşürilişi barada maglumat bermekden saklandy we aktýorlar düzümi barada insaýderleriň öňräkki çaklamalaryny "myş-myş" diýip atlandyrdy. Film gaýtadan açylar we Kapitan Fantastikden, Sýu Stormdan, Närseden we Alaw-adamdan ybarat Dörtlügiň täze başdan geçirmeleri barada gürrüň berer.
Ondan öň ekranlarda super gahrymanlar (2005-2015) hakda üç sany doly metražly film görkezilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.