Özbegistanyň ilaty 36 million adamdan geçdi

10.02.2023, 11:4712,824

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýagdaýa görä, Özbegistanyň ilaty 36,024 million adam boldy diýip, gazeta.uz prezidentiň ýanyndaky Statistika gullugynyň demografik hasabatyna salgylanyp habar berýär.

Şeýlelik bilen, ýylyň dowamynda ýurduň ilaty 753 müň adam ýa-da 2,1 göterim artdy.
2023-nji ýylyň başynda umumy ilatyň  18,13 milliony erkek we 17,89 milliony aýal diýip görkezildi. Şäher ilaty 18,33 million, oba ilaty 17,69 million adam boldy.
Zähmete ukypsyz kiçi ýaşly adamlar 31,7 göterim, zähmete ukyplylar - 56,8 göterim we zähmet ýaşyndan uly adamlar - 11,5 göterim. 
Statistika gullugynyň habaryna görä, dogluş derejesi boýunça GDA ýurtlarynyň sanawynda Özbegistan birinji orunda durýar (her 1000 adama 26.2 diri dogluş).
Bellenilişi ýaly, 1920-nji ýylda Özbegistanyň hemişelik ilaty 4,4 million adamdy. Şeýlelik bilen şu güne çenli ilat 7 esse köpeldi.

Belläp geçsek, Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda ilat  we ýaşaýyş jaý gaznasynyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Bu çäre geljekde  içerki strategik meýilnamalary düzmek üçin zerur bolan maglumatlary ýygnamakda, ýaýratmakda we ulanmakda hem-de ilatyň dürli toparlarynyň isleglerini kanagatlandyrmagyň çägindäki syýasaty işläp taýýarlamakda ýurda aýratyn mümkinçilik berer. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.