Realme 10 Pro Coca-Cola Edition smartfony resmi taýdan tanyşdyryldy

11.02.2023, 15:3314,322
1 / 3

Hytaýyň Realme kompaniýasy ýanwar aýynyň ahyryndan bäri şol gürrüňi edilýän ColaPhone-ny ýa-da “Kokafony” resmi taýdan hödürledi. Ol Realme 10 Pro smartfonynyň ýörite wersiýasy bolup çykdy.

Realme 10 Pro Coca-Cola Edition modeli meşhur gazlandyrylan içgiler brendi, baý toplum we köp sazlamalar bilen birlikde “adaty bolmadyk” tema dizaýnyny aldy. Smartfonyň jemi sany bary-ýogy 1000 sany bolar.
8 Gb RAM we 128 Gb içerki fleş ýady bolan Realme 10 Pro Coca-Cola Edition smartfonynyň bahasy takmynan 255 dollar. Gutusynda alyjy diňe bir Coca-Cola çüýşesiniň gapagy görnüşindäki smartfony we SIM karta çykaryjy pini däl, eýsem, köp sanly stikerleri, 0001-den 1000-e çenli özboluşly belgili kartoçkany we Realme-niň tumarynyň ýakymly heýkeljigini — Realmeow pişigini tapar.

Telefonda Realme 10 Pro-yň diňe şu wersiýasyna mahsus kola çüýşesiniň doldurylyşyny, “wujurdawyk” diwar kagyzyny we nyşan bukjasyny simulirläp bolýan zarýad beriş animasiýasy bar. Şeýle hem düzüp bolýan bildiriji sesler we Coca-Cola stilindäki jaň sesi bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.