Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentine gynanç bildirdi

18.02.2023, 04:2051,377

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, weýrançylyklara getiren gar süýşgünleri zerarly gynanç hatyny iberdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Täjigistanda gar süýşgünleri zerarly pida bolanlaryň sany 18-e ýetdi. 15-nji fewralda Täjigistanyň ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda we Warboz etrabynda birbada birnäçe gar süýşgünleri bolup geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.