«Jon Uik 4-iň» final treýleri çykdy. Filmiň özi 23-nji martda görkeziler

19.02.2023, 12:268,797

Amerikanyň  Lionsgate  media kompaniýasy «Jon Uik 4-iň» soňky treýlerini öz YouTube kanalynda çykardy. Kianu Riwz ýene-de baş keşbi ýerine ýetirer, aktýoryň gahrymany öz göwnüne degenler we agyr ykbalyna sebäpkär bolanlar bilen söweşmegi dowam etdirýär.

Treýlerden çen tutsaň, surat hakykatdanam özüne çekiji, gyzykly we örän çeper bolar. Hatda treýler hem özüne bendi edýär. Filme onuň öňki üç bölümini surata düşüren Çad Stahelski režissýorlyk etdi.
Lionsgate kompaniýasy filmiň senesini hem yglan etdi, ol 23-nji martda ABŞ-nyň teatrlarynda görkeziler.
Gyzykly faktlara salgylansaň,  filmiň hronometražynyň 169 minut boljakdygy, bu bolsa filmi seriýadaky iň uzyn film etjekdigi mälimdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.