Tesla 4 millionynjy elektrik awtoulagyny çykardy

04.03.2023, 13:4611,442
1 / 2

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Tesla, kompaniýa açylany bäri, dört millionynjy elektrik ulagyny çykarandygyny yglan etdi. Bu waka  awtoulag öndürijisiniň Tehasdaky zawodynda bolup geçdi.

Tesla  2008-nji ýylda iňlis sport awtoulagy Lotus Elise-iň bazasynda ilkinji Tesla Roadster elektrik awtoulagyny döretmekden 2020-nji ýylyň martynda  elektrik awtoulagynyň ilkinji million sanysyny çykarmaklyga çenli  çylşyrymly on iki ýyl gerek boldy.
Üç ýyldan soň Tesla ABŞ-da, Niderlandlarda, Şanhaýda we Berlinde ýerleşýän ägirt zawodlarynda ýene 3 million elektrik ulagyny öndürdi.
Täze kuwwatlyklaryň ýerleşdirilmegi netijesinde amerikan awtoulag öndürijisine 2022-nji ýylda 3 millionlyk çäkden geçenden soň, ýene 1 million awtoulag öndürmek üçin ýedi aý gerek boldy.
Häzirki wagtda Tesla ýylda, Tesla Semi awtoulaglaryny hem goşmak bilen, ýylda iki million töweregi elektrik ulagy öndürip biler. Tesla -yň ýolbaşçylygy täze maksat goýdy - dünýäde önümçiligi ýylda 20 million awtoulag artdyrmak. Munuň üçin Tesla takmynan 12 ägirt fabrika gerek bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.