Ärdogan Türkiýede ählumumy prezident saýlawlaryny 14-nji maýa belledi

11.03.2023, 11:5011,378

MIR 24 teleýaýlymynyň habaryna görä, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurtda ählumumy saýlawlary 14-nji maýda geçirmegiň meýilleşdirilýändigi baradaky karara gol çekdi.

Ärdogan: «Men 14-nji maýda prezident we parlament saýlawlaryny geçirmek barada karara gol çekdim. Bu karar 11-nji martda resmi gazetde çap edilensoň, ses berişlige taýýarlyk işleri başlar "- diýdi.

Prezident saýlawlarynyň ilkibaşda 18-nji iýuna meýilleşdirilendigini, ýöne konstitusiýadaky ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, ses berişligiň möhletini bäri süýşürendigini aýtdy.
Ärdoganyň prezident saýlawlarynda "Respublikan bileleşikden" ýekeje dalaşgär hökmünde görkezilen garşydaşy oppozision "Halk bileleşiginiň", Halk-respublikan partiýasynyň baştutany Kemal Kylyçdaroglu bolup durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.