Orazaňyz kabul bolsun! 2023-nji ýylda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary

22.03.2023, 21:3455,486

Şu gün, 22-nji martda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar.

Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 23-nji marta, soňky güni bolsa — 20-nji aprele gabat gelýär. Gadyr gijesi aprel aýynyň 17-sindan 18-ine geçilýän gijä düşýär.
Baýram namazy 21-nji aprelde okalar.
Şu salgydan Oraza aýynyň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlary üçin agyz beklenýän we agyz açylýan wagtlarynyň senenamasyny ýükläp alyp bilersiňiz.

TmCars-yň adyndan ähli musulman doganlarymyza bu mukaddes aýda eden doga dilegleriňiziň, tutjak orazalaryňyzyň kabul bolmagyny arzuw edýäris!

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.