Apple öz film önümçiligini maliýeleşdirmegi ýylda 1 milliard dollara çenli artdyrar

26.03.2023, 10:585,690

Apple korporasiýasy öz Apple TV+ akym hyzmatyna ünsi çekmek maksady bilen, kinoteatrlarda görkezilýän film önümçiligine ýylda 1 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berdi diýip, TASS habar berdi.

Olaryň habaryna görä, agzalan maýa goýumlaryň mukdary, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende,  ep-esli artar. Apple-iň öňki filmleriniň köpüsi kompaniýanyň akym hyzmaty üçin ýörite surata düşürildi ýa-da az sanly kinoteatrlarda görkezildi. Korporasiýa häzirki wagtda köpçüligiň akym hyzmaty barada habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin müňlerçe kinoteatrda film görkezmegi meýilleşdirýär.
Geljegi bar kinopremýeralaryň arasyndan agentlik Martin Skorsezeniň režissýorlyk eden “Gül a:ýynyň ganymlary” (Killers of the Flower Moon), Mettýu Wonuň “Argaýl” (Argylle) we Ridli Skottyň fransuz basybalyjysy baradaky taryhy “Napoleon” (Napoleon) filmleriniň adyny görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.