Twitter Blue tölegli abuna indi dünýädäki ähli ulanyjylara elýeterli boldy

26.03.2023, 11:105,879

Twitterdäki  Twitter Blue atly akkauntlaryň tölegli werifikasiýasy indi dünýädäki ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy diýip, sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask habar berdi.

Mask özüniň Twitterdäki sahypasynda: "Twitter Blue indi bütin dünýäde elýeterlidir” – diýip ýazdy.

Twitter Blue-a ýazylmak sosial ulgamyň ulanyjylaryna hasap ýazgylarynda hakyky akkauntlary görkezýän gök belligi almaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, abunaçylaryň mahabatlaryň ýarysyny görjekdigi, sahypasynda has uzyn wideo goýup we täzeliklere ir girip biljekdigi habar berildi. Şeýle-de, Twitter Blue-ly hasap ýazgylary gözleglerde, ýatlamalarda we teswir sanawlarynda has ýokarda görner.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.