Ýewropada bilim boýunça resminamalary Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi ykrar eder

29.03.2023, 12:0315,219

Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bilim ministrligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Buýrukdan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlar we Ministrler Kabinetine berer.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmek hem-de Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýadan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.