Pepsi 15 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini üýtgetdi

29.03.2023, 15:5921,863
1 / 2

Gazly suw  öndürijisi Pepsi 2024-nji ýylda  logotipini täzelär.   Ýazgy indi  ortarada gyzyl-ak-gök aýlawyň içinde ýerleşer.  90-njy ýyllarda-da onuň nyşany şeýleräk görnüşdedi.

Mundan başga-da onuň esasy reňki  açyk gök bolman, gara we gara gök bolar. Şunuň ýaly görnüş Pepsi Zero Sugarda hem ulanylýar.  Şeýlelik bilen, kompaniýa  süýjini ulanmaga garşy göreşe üns berilýändigini görkezmek isleýär.

Pepsi — döwür bilen aýakdaş gidýän brend bolmak bilen,  täze nesliň alyjylaryny şöhlelendirýär.

Pepsiniň girdejileri,  esasan, alyjylarynyň sanynyň köpelmegi bilen däl-de,  bahanyň gymmatladylmagy bilen artýar. Şonuň üçin  kompaniýa  özüniň strategiýasyny üýtgetmek bilen,  Z nesline has köp ähmiýet berýär. Geçirilen barlaglara görä, olar 30% süýjini az ulanýarlar.
Täze logotipli Pepsi ABŞ-da 2023-nji ýylyň güýzünde ýaýrar,  dünýäde bolsa ol  2024-nji ýylda ulanylyp başlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.