BAE kompaniýalary 2026-njy ýyla çenli işgärleriň arasynda öz raýatlarynyň paýyny 10%-e çenli artdyrmaga borçly etdi

07.04.2023, 07:2717,181

Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümeti  işgär sany  50-den geçýän hususy kompaniýalary 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ýurduň raýatlarynyň işgärleriň arasyndaky paýyny 2%-den 10%-e çenli ýokarlandyrmaga borçly etdi. Bu barada çarşenbe güni Kadrlar we emirlikleşdirmek ministrliginiň Twitterde çap eden beýanynda aýdylýar.

"2023-nji ýylyň başy işgär sany 50-den geçýän kompaniýalarda emirlikleşdirmegiň ýyllyk ösüş depginini gazanmak üçin täze başlangyç boldy. Bu düzediş 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 10 göterim ösüş gazanmak üçin hususy pudakda emirlikleriň iş bilen üpjünçiligini saklamagy maksat edinýär" - diýip, resminamada görkezilýär.

Adam gorlaryny dolandyrmak pudagyndaky täze düzgünlere laýyklykda, iş berijiler BAE-niň raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligini her alty aýda 1% ýokarlandyrmaly, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji 10%-e ýetmeli.
Ministrlik her alty aýdan talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi meýilleşdirýär. Öňde goýlan maksada ýetip bilmeýän kompaniýalara aýda 6000 dirhem (1600 dollar) jerime tölediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.