BAE-de täze milli baýramçylyk döredildi

Düýn, 15:454,638
1 / 2

Birleşen Arap Emirliklerinde täze baýramçylyk — Döwleti esaslandyryjy Zaýediň güni (Zayed the Founder Day) döredildi. Bu baýramçylyk her ýyl 7-nji ýanwarda belleniler diýip, BAE-niň Prezidenti şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýan yglan etdi.

Baýramçylyk BAE-niň döredilmeginde möhüm orun eýelän we döwletiň ösüşiniň binýadyny goýan şeýh Zaýed bin Soltan Al Nahaýýana bagyşlanýar.

«BAE-niň esaslandyryjy atasy, merhum şeýh Zaýed bin Soltan Al Nahaýýan ýurduň ýaşaýjylarynyň ýüreginde hemişelik ýaşar. Ol Birleşen döwleti döretmek boýunça tagalla etdi, döwletiň binýadyny goýdy we onuň ösüş ugruny kesgitledi. Onuň ömri öňdengörüjiligiň, sahylygyň we adamzada hyzmat etmegiň nusgasy boldy» diýip, Prezident X sosial ulgamynda ýazdy.

Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, täze senäniň girizilmegi ýurduň esaslandyryjysynyň eýeren gymmatlyklaryny gorap saklamaga we olary geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilendir. Munda esasy üns ýaşlara berlip, olara Emirlikleriň esaslandyrylmagynyň ýörelgeleri barada düşündiriler.

Bu senäniň çäklerinde bilim, medeniýet we ylmy-barlag taslamalary, şeýle hem jemgyýetçilik çäreleri geçiriler. Olara uly-kiçi diýmän, dürli milletlerden bolan ýaşaýjylar gatnaşyp biler. Çäreleriň maksatnamasy mekdepleriň, maşgalalaryň, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda ýyl boýunça dowam eder.