Özbegistanda boks boýunça Dünýä çempionatyna 104 döwletiň wekili gatnaşar

07.04.2023, 11:2316,921

104 ýurtdan türgenler Özbegistanda geçiriljek erkekleriň arasyndaky boks boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin hasaba alyndylar. Bu barada Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) metbugat gullugy habar berýär diýip, sport-interfax.ru belleýär.

Umumy alanyňda, 13 agram kategoriýasynda çykyş etmek üçin 640 türgen ýüz tutdy, şol bir wagtyň özünde hasaba alyş 14-nji aprele çenli uzaldyldy.
Ýaryşyň baýrak gaznasy iki esse artar – 5,2 mln ABŞ dollary. Ýeňijiler 200 müň dollardan, kümüş baýrakçylar 100 müň dollardan, bürünç baýraklarynyň eýeleri bolsa 50 müň dollardan alar.
Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy 30-njy aprelde geçiriler, finallar 14-nji maýa meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.