«Time» žurnaly iň abraýly 100 adamyň sanawyny neşir etdi

15.04.2023, 23:0318,263

«Time» žurnaly 2023-nji ýylyň iň abraýly 100 adamynyň sanawyny neşir etdi. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Zelenskaýa “Liderler” kategoriýasynda birinji boldy, bu kategoriýada ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, ABŞ-nyň maliýe ministri Janet Ýellen, Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida we GFR-iň kansleri Olaf Şols bar.
Ilon Mask “Titanlar” kategoriýasyna girdi, bu kategoriýada birinji orny bolsa aktrisa Anjela Basset eýeledi. Şeýle-de, kategoriýada beýlekiler bilen bir hatarda futbolçy Lionel Messi, aýdymçy Beýonse we TikTok-yň baş müdiri Şou Szy Çu bar.
Beýleki kategoriýalarda 2023-nji ýylyň liderleri şulardan ybarat:

  • “Sungat işgärleri” – aktýor Maýkl B.Jordan;
  • “Täzelikçiler” – Disney-iň prezidenti we müdirler geňeşiniň başlygy Robert Aýger;
  • “Ikonalar” – aktrisa Jennifer Kulij;
  • “Pionerler” – aýdymçy Doja Cat;

Ýatlap geçek, 2022-nji ýylda iň abraýly adamlaryň sanawyna, hususan-da, Russiýanyň we Ukrainanyň prezidentleri Wladimir Putin we Wladimir Zelenskiý, HHR-iň başlygy Si Szinpin, şeýle-de “Nowaýa gazetanyň” baş redaktory Dmitriý Muratow girdi. Jenap Zelenskiý “Time” tarapyndan 2022-nji ýylyň iň abraýly adamy diýlip bellendi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.