Maýk Taýson häzirki wagtda dünýäniň iň gowy boksçysyny atlandyrdy

23.04.2023, 12:3636,293

Super agyr agramda öňki dünýä çempiony Maýk Taýson Taýson Fýurini häzirki wagtda dünýäniň iň gowy boksçysy hasaplaýar. Bu barada ol ESPN-e beren interwýusynda aýtdy diýip, sportrbc.ru habar berýär.

“Dünýäniň iň gowy boksçysy – Taýson Fýuri. Häzir ol boksyň esasy ýüzi we sportuň bu görnüşinde iň tanymal şahsyýet” – diýip, 56 ýaşly Taýson belleýär.

Fýuri – Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasyna görä super agyr agramda dünýäniň häzirki çempiony. 34 ýaşly britaniýalynyň hasabynda professional ringdäki 34 söweşde 33 ýeňiş we 2018-nji ýylda amerikaly Deonteý Uaýlder bilen bolan söweşde bir deňme-deňlik bar.
2020-nji ýylyň fewral aýynda britaniýaly boksçy Uaýlderi nokauta gidirip, WBC tarapyndan çempion boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.