«Doganlar Super Mario» 900 million dollardan gowrak girdeji gazandy, milliard ýakynda

28.04.2023, 11:069,767

«Doganlar Super Mario kinoda» multfilmi ýene bir üstünligiň eýesi boldy. Ol eýýäm 901,2 million dollar gazandy. Bu mukdaryň 444 million dollary ABŞ-dan, 457,2 million dollary bolsa dünýä kinoteatrlaryndan geldi. Multfilmiň  eýýäm taryhda iň üstünlikli ekranlaşdyrylan wideo oýny bolandygyny ýatladýarys.

Super Mario-nyň döredijisi Şigeru Miýamoto Illumination studiýasynda kult seriýasynyň ýakynda çykan «Doganlar Super Mario kinoda» multfilminiň üstünligi barada ilkinji gezek teswir berdi. Işläp taýýarlaýjy şunuň ýaly täsirli üstünlige, onda-da, dünýä tankytçylarynyň sowuk kabul etmesinden soň, garaşmandygyny boýun alandygyny aýtdy.
«Doganlar Super Mario kinoda» multfilminiň dünýäde ilkinji görkezilişi 5-nji aprelde geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.