Microsoft Windows 10 üçin täzelenmeleri çykarmagyny bes eder

30.04.2023, 10:194,880

Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion sistemasy üçin uly täzelenmeleri işläp düzmegi bes edýär. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen habara salgylanyp, TASS habar berýär.

“Häzirki wersiýa, 22H2, Windows 10-uň ahyrky wersiýasy bolar” – diýlip, kompaniýada görkezilýär. Şeýle-de bolsa, Microsoft sistemanyň tehniki goldawyny 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryna çenli dowam etdirer.

Ýanwar aýynda Microsoft Windows 8.1 operasion sistemasyny goldamagy doly bes etdi.
Windows 10 2015-nji ýylda hödürlendi, bu sistemanyň iň soňky uly täzelenmesi geçen ýylyň oktýabr aýynda boldy. 2021-nji ýylda Microsoft onuň ýerine Windows 11 operasion sistemasyny çykardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.