Reuters: "Al-Hilýal" Messä resmi teklip iberdi

05.05.2023, 15:4628,413

Saud Arabystanynyň "Al-Hilýal" kluby "PSŽ" fransuz toparynyň hüjümçisi Lionel Messä resmi teklip iberdi diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Şeýle-de, Messiniň "PSŽ" bilen türgenleşiklerden çetleşdirilmeginiň diňe bir onuň Saud Arabystanyna gitmegi bilen däl-de, eýsem argentinaly oýunçynyň "PSŽ-niň" taslamasyny tankytlandygy we klubda indiki möwsümde anyk galmajakdygyny aýdandygy bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
2021-nji ýylyň awgust aýynda Messi "PSŽ" toparyna geçdi. Onuň klub bilen şertnamasy 2023-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenen. HBS-de dünýä çempionynyň MLS ýa-da Saud Arabystanynyň klublarynyň birine geçip biljekdigi barada-da habar berlipdi. Şeýle-de, eýýäm birnäçe wagt bäri Lionel Messiniň "Barselona" dolanjakdygy barada maglumatlar peýda bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.