Türkiýede prezident saýlawlarynda Ärdogan — 49,4%, Kylyçdaroglu — 44,96% ses aldy

15.05.2023, 13:3730,252

Türkiýäniň häzirki döwlet Baştutany Rejep Taýyp Ärdogan prezident saýlawlarynda sesleriň 49,4%-ini, häkimiýetiň oppozisiýasynyň wekili Kemal Kylyçdaroglu bolsa 44,96%-ini gazandy. Bu maglumatlary Türkiýäniň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Ýener türk telewideniýesiniň göni ýaýlymynda habar berdi.

"Duşenbe güni 11:45-däki ýagdaýa görä, Rejep Taýyp Ärdogan 49,4%, Kemal Kylyçdaroglu - 44,96%, Sinan Ogan - 5,2% ses aldy. Ses sanalşygy dowam edýär. Saýlaw gutularynyň 99,4%-i açyldy. Ýurduň içinde gutularyň 27-si, ýurduň daşyndaky gutularyň 1529-sy heniz açylmady» - diýip ol aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.