Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna muzdsuz $3,72 mlrd kömek berer

20.05.2023, 10:4418,982

Pekin Merkezi Aziýa döwletlerine maliýe goldawyny bermegiň çäklerinde muzdsuz esasda 26 mlrd ýuan (takmynan, $3,72 mlrd) berer. Bu barada HHR-iň başlygy Si Szinpin Hytaý-Merkezi Aziýa sammitinde eden çykyşynda aýtdy. Muny Trend ýetirýär.

“Ösüş potensialyny güýçlendirmek üçin Hytaý ylmyň we tehnologiýanyň kömegi bilen garyplygy azaltmakda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny işläp düzýär. Hytaý tarapyndan maliýeleşdirilýän kärhanalar has köp ýerli iş orunlaryny döretmek üçin höweslendiriler. Hytaý Merkezi Aziýa döwletlerine 26 mlrd ýuan maliýe goldawyny we muzdsuz kömek berer” – diýip, Xinhua agentligi onuň sözlerini getirýär.

Mejlise Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri gatnaşdy. Duşuşyk Sianda geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.