Apple Broadcom bilen 5G-niň komponentlerini işlemek barada ylalaşandygyny yglan etdi

25.05.2023, 10:012,854

Apple dünýäniň iň iri ýarymgeçiriji öndürijilerinden biri bolan Broadcom bilen 5G radioýygylyk komponentlerini işläp taýýarlamak barada ylalaşandygyny yglan etdi. Bu barada sişenbe güni kompaniýanyň Apple-iň web sahypasynda çap edilen metbugat beýanatynda habar berildi.

Apple-iň baş direktory Tim Kuk: "Amerikan önümçiliginiň ugurtapyjylygyny, döredijiligini we innowasiýa ruhuny öz içine alýan borçnamany ýerine ýetirendigimize begenýäris" – diýdi, onuň bu sözleri kompaniýanyň metbugat beýanatynda getirilýär .

Metbugat beýanatynda berilýän maglumatlara görä, bu hyzmatdaşlygyň çäginde Broadcom, FBAR süzgüçlerini - ykjam torlaryň dürli ýygylyklarynda päsgelçiligi basýan plýonkaly göwrümli akustiki rezonatorlary hem öz içine almak bilen,  5G radioýygylyk komponentlerini işläp taýýarlar. Tehnologiýa ABŞ-nyň birnäçe tehnologiýa merkezlerinde, şol sanda Broadcom iri desgasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kolorado ştatynyň Fort-Kollins şäherinde işlenip taýýarlanylar we öndüriler.
Bu tehnologiýalary ösdürmek üçin goýlan maýa goýumlary Apple -iň 2021-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýetine bäş ýylda takmynan 430 milliard dollar maýa goýmak baradaky borçnamalarynyň bir bölegidir diýip, metbugat beýanatynda habar berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.