Hytaýyň soňky imperatorynyň sagady auksionda 6,2 million dollara satyldy

25.05.2023, 11:3419,301
1 / 2

Hytaýyň soňky imperatory Pu I-e degişli Patek Philippe şweýsar markasynyň Reference 96 Quantieme Lune goşar sagady Gonkongdaky Phillips auksion öýi tarapyndan 6,2 million dollara satyldy. Bu barada CNN habar berýär.

Siferblaty arap sanly 31 mm-lik platina sagat al reňkli altyn sagatbagy we Aý fazasyny kesgitleýiş funksiýasy bilen tapawutlanýar. Sagat mehanizminiň käbir bölekleri 1929-njy ýyla degişli, ýöne Patek Philippe modelini 1937-nji ýyla çenli satmandyr.
Bu sagadyň 86 ýyllyk taryhy seýrek modele artykmaçlyk berýär - dünýäde şeýle modeliň bary-ýogy sekiz sanysy galypdyr. Pu Iniň bu sagady nädip satyn alandygy belli bolmasa-da, Pariždäki kaşaň sagat butikinde olaryň ilkinji gezek satylandygy barada ýazgylar bar.
Phillips auksion öýüniň metbugat beýanatyna görä, sagadyň taryhyny yzarlamak üçin onuň hünärmenlerine üç ýyl gerek bolupdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.