Saýlawlaryň ikinji tapgyry: Şu gün Türkiýäniň täze prezidenti belli bolar

28.05.2023, 11:2720,685

Şu gün, 28-nji maýda Türkiýede prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses berlişik başlandy. Ýerli wagt bilen 08:00-da (aşg wagty bilen 10:00) 81 welaýatda saýlaw uçastoklary işläp başlady, olar 17:00-a çenli (aşg wagty bilen 19:00) hereket eder.

Umumylykda, ýurt boýunça we onuň daşynda ses bermek üçin 191 884 sany saýlaw gutusy oturdyldy. 64 mln türk raýaty ses bermek hukugyna eýe.
Garaşylyşy ýaly, Türkiýäniň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Stambulda ses berer, onuň garşydaşy Kemal Kylyçdaroglu bolsa Ankarada ses berer.
Birinji tapgyryň netijeleri boýunça Ärdogan sesleriň 49,52%-ini, Kylyçdaroglu bolsa 44,88% ses aldy. Ikinji tapgyrda sesleriň aglaba bölegini alan dalaşgär ýeňiji bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.