BSGG saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýlara baş galdyrmagyň täze meýilnamasyny girizdi

14.06.2023, 02:5910,149

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit bölümi duşenbe güni COVID-19 we saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaýlar üçin geçiş meýilnamasynyň işe girizilendigini habar berdi.

Bu meýilnama hökümetiň "bilelikdäki gözegçilik", COVID-19 baradaky maglumatlary toplamak we seljermek üçin laboratoriýa kuwwatyny saklamak hem-de artdyrmak, şeýle hem COVID-19 pandemiýasyna we dümewine garşy durmak we dem alyş ýollarynyň ýokançly pandemiýalaryna garşy göreşmek üçin toplumlaýyn meýilnamalaşdyrmak ýaly anyk meýilnamalary üpjün etmegi öz içine alýar” diýip,  BSGG-nyň web sahypasynda ýerleşdirilen beýannamada aýdylýar.

"COVID-19 bilen bagly ählumumy adatdan daşary ýagdaýyň tamamlanmagy goşuňy ýygnap, aňyrlygyna ugrabermegi aňlatmaýar" - diýip, Ýewropa Ofisiniň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça uly işgäri, doktor Ketrin Smollwud aýtdy. Ol berlen wagty paýhasly ulanmaga we "soňky üç ýylda gazanylan üstünlikleri we sapaklary" sypdyrmazlyga çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.